Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekdi

  • 27.02.2026 12:04
  • 3.7k+

Londonda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getirýän dört resminama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Gazanylan ylalaşyklar pudagy ösdürmegiň döwlet ileri tutulýan ugurlaryna we 2052-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen strategik maksatnamalaryň düzgünlerine laýyk gelýär.

Resminamalar özara amaly hyzmatdaşlygyň biri-biri bilen baglanyşykly dört sany ugruny öz içine alýar:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Pearson kompaniýasynyň arasynda endikleriň sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. Hyzmatdaşlyk halkara derejesinde ykrar edilen hünär derejelerini ornaşdyrmaga, bahalandyrmagyň sanly görnüşlerini ösdürmäge we okuw netijelerini ölçemäge, şeýle-de synag mehanizmlerini işe girizmäge gönükdirilendir.
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen AQA Global Assessment Services Ltd kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda bahalandyrma boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. Ylalaşyk mekdeplerde we zerur bolan ýagdaýynda hünär bilim derejesinde bahalandyrmagyň hilini hem-de aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem milli ekspertiza ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.
  • Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwich Institute for Language Education (NILE, Norwiç dil bilimi institutynyň) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. Hyzmatdaşlyk mugallymlary okatmagyň amaly maksatnamalaryny, okatmagyň usulyýetini we yzygiderli hünär ösüşiniň nusgalaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nottingham Trent University (Nottingem Trent uniwersitetiniň) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. Resminama bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, işgärleri taýýarlamagyň amaly ugurlaryny ösdürmäge we akademiki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir.

Dabaradan soň Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew britan guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirdi. Geljekde bilelikdäki işçi toparlaryny döretmek we taslamalary durmuşa geçirmegiň tapgyrlaýyn ýol kartalaryny taýýarlamak meýilleşdirilýär.


21.05.2026 17:50
2.1k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.6k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

12.05.2026 20:28
1.6k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
3.1k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......