Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy

  • 27.02.2026 18:03
  • 1.3k+

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär.

Filmiň mazmuny Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Hytaýyň medeni köpdürlüligine hem-de bu ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşantlaryna gönükdirilendir. Çärä Türkmenistanyň we Hytaýyň Gruziýadaky Ilçileri, Gruziýanyň Parlamentiniň wekilleri, filmiň režissýory T.Malaniýa hem-de ylmy-döredijilik intelligensiýa wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda medeni diplomatiýanyň halklary ýakynlaşdyrmakda iň ygtybarly guraldygyny belledi. Ol filmiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde döwletleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden beýleki wekiller hem häzirki wagtda medeni gepleşikleriň global meseleleri çözmekde we dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmakda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......