«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy

  • 24.02.2026 16:37
  • 4.5k+

Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy.
Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde ýaşulular, medeniýet işgärleri we şäher ýaşaýjylary topary duz-çörek bilen garşy aldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň we bagşylaryň şowhunly çykyşlary dabaranyň ruhuny belende göterdi. Toparyň agzalary muzeýde guralan sergi bilen tanşyp, türkmen atşynaslyk sungatynyň gadymy taryhy hem-de milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen gyzyklandy.
Dabaraly ýöriş Türkmenabat şäheriniň «Bitarap Türkmenistan» şaýolunyň ugry bilen dowam etdi. Topar «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ýolda Seýitnazar Seýdi adyndaky teatr we welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda behişdi bedewleri wasp edýän edebi-sazly kompozisiýalary synlady. Şäheriň ýaşaýjylary «Galkynyş» toparynyň agzalaryny uly ruhubelentlik we elçarpyşmalar bilen garşy aldy.


Baýramçylyk dabaralarynyň esasy bölegi «Türkmeniň ak öýi» binasynda dowam etdi. Bu ýerde atşynaslyk ýörelgelerini şöhlelendirýän sergi görkezildi hem-de ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa we toparyň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle hem, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Tomaşalar zalynda «Galkynyş» toparynyň ezber ýigitleriniň we gyzlarynyň at üstündäki hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaralaryň ahyrynda «Türkmeniň ak öýi» toplumynda Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde agzaçar sadakasy berildi.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......