TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 38 million dollara golaýlady

  • 24.02.2026 00:30
  • 2.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 37 million 801 müň dollardan geçdi. Hasabat döwründe jemi 31 geleşik hasaba alyndy.
Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamidini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna bugdaý uny, aşgarlanmadyk mata, erkekler üçin eşikler, nah ýüplük, pagta süýümi, pamyk, portlandsement we buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Alyjylaryň hatarynda BAE-niň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bar.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropilenini we binýatlyk ýagyny, şeýle hem nah ýüplügi we bugdaý ununy satyn aldylar. Bu geleşikleriň umumy bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak boldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......