Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy

  • 25.02.2026 18:50
  • 4.1k+

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçi gyzlary ajaýyp netijeleri görkezdi. 13 döwletiň wekilleriniň gatnaşan ITF Asia 14&U Development Championships bäsleşiginde türkmen türgenleri ýekelikde we jübütleýin ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna iki gezek göterildi.
Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa ýekelikdäki ýaryşlarda iki hepdede ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, iki sany altyn medal eýeledi. Ol aýgytly duşuşyklarda Iordaniýanyň wekilini utmagy başardy.

Näzli jübütleýin ýaryşlarda hem Sülgün Işangulyýewa bilen bilelikde çykyş edip, ýene-de iki altyn medal gazandy. Türkmen jübüti iki hepdelik ýaryşlaryň dowamynda Liwanyň we Saud Arabystanynyň wekillerini utup, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna göterildi.
Bu üstünlik Näzli Hudaýgulyýewa Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk berdi. Häzirki wagtda ol öz ýaş derejesinde Aziýa ýetginjekler görkezijisinde 9-njy orny eýeleýär.
ITF Asia 14&U Development Championships abraýly sebit ýaryşy bolup, ol Kamboja we Bahreýn saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar. Iň ökde türgenler Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş eder. Ýaryşlaryň netijeleri 2027-nji ýylyň «Wimbledon» we «Australian Open» ýetginjekler ýaryşlaryna gatnaşmak üçin hukuk gazanmaga mümkinçilik berer.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......