Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Gyrgyzystanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 25.02.2026 16:18
  • 2.6k+

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar tejribe paýlaşmagyň we bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Türkmen tarapy gyrgyzystanly okuwçylary şu ýylyň 8-13-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçiriljek III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem, bu halkara bäsleşiginiň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministriniň Türkmenistana iş saparyny guramak meselesi maslahatlaşyldy.

Öz gezeginde, Gyrgyzystanyň Ilçisi türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde guraljak Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň gün tertibinde bilim resminamalarynyň we diplomlaryň özara ykrar edilmegi, şeýle hem orta hünär bilimi ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


düýn 23:39
947

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......