Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

  • 25.02.2026 14:24
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Emire berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Kuweýt Döwletiniň Milli güni her ýylyň 25-nji fewralynda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu senäniň taryhy ähmiýeti iki sany möhüm waka bilen baglydyr. Döwlet baýramy 1950-nji ýylyň 25-nji fewralynda şeýh Abdulla Al-Salem Al-Sabahyň tagta çykmagy bilen bellenilip başlandy. Şeýle-de, bu sene 1961-nji ýylda Kuweýtiň özbaşdak döwlet hökmünde dünýä sahnasyna çykan we emirlik hökmünde garaşsyzlygyny gazanan taryhy gününi alamatlandyrýar.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......