Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
ABŞ-da iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler...