Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

  • 24.09.2025 09:35
  • 4.4k+

ABŞ-da iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy Türkmenistanyň Prezidentini Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Döwlet Baştutany Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, ählumumy bähbide gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Kuweýt tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hem Kuweýtiň netijeli başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigi tassyklanyldy.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

“Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......