Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs OPEK-iň Baş sekretary saýlanyldy

  • 04.01.2022 17:21
  • 2.6k+

OPEK ýurtlarynyň ministrleri duşenbe güni geçirilen ýörite wideokonferensiýada Kuweýtden Haýsam al-Gaýsy 2022-nji ýylyň awgust aýyndan OPEK-iň Baş sekretary wezipesine bellediler. Bu barada TASS-a OPEK-däki çeşme habar berdi, soňra sekretariat hem resmi metbugat relizini neşir edip tassyklady.

Al-Gaýs bu wezipede 2016-njy ýyldan bäri işleýän nigeriýaly Muhammed Barkindonyň ornuny çalşyrar. Onuň ygtyýarlyk möhleti 2022-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanýar. Al-Gaýs OPEK-de Kuweýtiň wekiliýetine 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda ýolbaşçylyk etdi. Onuň kandidaturasy sanawda ýeke-täkdi. Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, al-Gaýs 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Baş sekretar wezipesine girişer.

OPEK-iň düzgünnamasyna laýyklykda, Baş sekretar üç ýyl möhlet bilen saýlanylýar we diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilner.

Umuman alanyňda, Barkindony hasaba almazdan, OPEK-de 1961-nji ýyldan bäri 22 Baş sekretar we konferensiýanyň OPEK-iň işine gözegçilik edýän bäş sany prezidenti boldy. 

Haýsam al-Gaýsyň nebit kompaniýalarynda, şeýle-de Kuweýtiň DIM-inde iş tejribesi bar. Ol 1990-njy ýylda “politologiýa” hünäri boýunça Kaliforniýadaky San-Fransisko uniwersitetini tamamlady. Al-Gaýs alty dilde, şol sanda arap, iňlis, nemes, portugal, ispan, fransuz dillerinde erkin gürläp bilýär, ol hytaý dilinde hem gürleýär.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......