El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

  • 17.02.2026 19:13
  • 1.2k+

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan pudaklara maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda hemişelik hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek we göni gatnaşyklaryň durnukly mehanizmlerini ýola goýmak barada ylalaşdy. Bu başlangyçlaryň logistika ulgamyny kämilleşdirmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmäge ýardam etjekdigi nygtaldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi we ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmündäki orny aýratyn bellenildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, energetika we nebit-himiýa pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalar bellenildi.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......