«Arkadag» FK ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Kuweýte bardy

  • 19.10.2024 22:19
  • 14k+

18-nji oktýabrda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminiň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Kuweýt Patyşalygyna ugrady. Döredilenden bäri bassyr ikinji çempionlygyny yglan eden we 50-nji duşuşygynda 50-nji ýeňşini gazanan «Arkadag» FK Kuweýtde ýaryşdan ozal bir hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýtynda habar berilýär.

Tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri ilkinji halkara ýaryşynda çykyş ederler.
Topar bije çekişligiň netijesinde «B» toparça düşdi. Bu toparçada Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary hem bar. Toparçanyň duşuşyklary 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda geçiriler. Duşuşyklaryň ählisini Kuweýt şäherindäki «Al Kuwait Sports Club» stadiony kabul eder.

AFK-nyň Çagyryş ligasy ― 2024/25.
«B» toparçanyň duşuşyklarynyň tertibi:
26-njy oktýabr

  • 19:30, «Al Arabi» ― «Abdyş-Ata»;
  • 23:30, «Arkadag» ― «Maziýa».

29-njy oktýabr

  • 19:30, «Abdyş-Ata» ― «Arkadag»;
  • 23:30, «Maziýa» ― «Al-Arabi».

1-nji noýabr

  • 19:30, «Al Arabi» ― «Arkadag»;
  • 21:30, «Maziýa» ― «Abdyş-Ata».

Aziýa yklymynyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşy bäş toparçada geçirilýär. Olaryň üçüsi Günbatar, ikisi bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. «Arkadag» topary ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin öz toparçasynda birinji ýa-da ikinji orny eýelemeli bolar. Toparçalarda üçünji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň ýokary görkezijä eýe bolany hem çärýek finala gatnaşdyrylar.
Çärýek final duşuşyklaryny 2025-nji ýylyň 5 ― 12-nji marty, ýarymfinallary 9 ― 16-njy apreli aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri we senesi barada biraz soňrak habar berler.


düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......