«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ýarym finalyň ilkinji oýnunda "Al-Arabiden" ýeňildi

  • 11.04.2025 12:07
  • 11k+

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony "Arkadag" futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda myhmançylykda Kuweýtiň "Al-Arabi" toparyndan 2:0 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk El-Kuweýt şäherinde geçirildi.

"Al-Arabi" toparynyň düzüminde gollary Kristofer Jon (72-nji minut) we Salman Al Awali (90+4-nji minut) geçirip, toparyna ýeňiş getirdiler.
Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Arkadag şäherinde geçiriler.
"Arkadag" FK Hindistanyň "East Bengal" klubuny iki duşuşygyň jemi boýunça 3:1 hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykdy. "Al-Arabi" bolsa Omanyň "Al-Sib" toparyny 3:2 hasap bilen ýeňip, ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.


düýn 20:28
9.3k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.4k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....