Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

  • 25.02.2025 01:34
  • 4.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň ähli halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
25-nji fewralda Kuweýt Döwletiniň Milli güni bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk 1961-nji ýylda garaşsyz döwletiň döredilmeginiň hem-de Kuweýtiň Emiri Abdalla as-Salem as-Sabahyň tagta geçmegi mynasybetli bellenilip geçilýär.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......