Kuweýtiň emiri täze premýer-ministri belledi

  • 07.01.2024 18:38
  • 5.1k+

Kuweýtiň emiri şeýh Maşaal al-Ahmed al-Jaber as-Sabah ýurduň täze premýer-ministri hökmünde şeýh Muhammed sabah as-Salem as-Sabahy belledi. Bu barada KUNA habarlar agentligi tarapyndan ýaýradylan emiriň permanynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Permana laýyklykda, täze premýer-ministr emir tarapyndan tassyklanjak geljekki kabinet agzalaryny hödürlemeli, şeýle-de hökümetiň düzülmegi barada Milli ýygnagyň – Kuweýtiň bir palataly parlamentiniň öňünde hasabat bermeli. Perman “El-Kuweýt al-Ýaum” hökümet gazetinde neşir edilenden soň güýje girer.
Şeýh Maşaal 16-njy dekabrda aradan çykan Kuweýtiň emiri şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň mirasdüşeri boldy. Täze emir Milli mejlisiň öňünde kasam kabul edeninden soň, Kuweýtiň hökümeti işinden çekildi. Şeýh Maşaal öňki premýer-ministr şeýh Ahmed Nawaf al-Ahmed as-Sabahyň 20-nji dekabrda hökümetiň işden çekilmegi baradaky haýyşyny kabul etdi.


25.02.2026 14:24
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

17.02.2026 19:13
1.1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...

02.12.2025 11:44
2.1k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

24.10.2025 22:08
1.9k+

Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...