Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýtde halkara maslahatyna gatnaşdy

  • 06.11.2024 11:01
  • 2.7k+

Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 4-5-nji noýabrda aralygynda Kuweýtde geçirilen terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraplaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Öz çykyşynda A.Gurbanow Türkmenistanyň milli we halkara derejelerde parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreşmek maksady bilen ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygyny belledi. Terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we beýleki howplara garşy göreşde Türkmenistanyň öz işini BMG bilen utgaşdyrýandygy nygtaldy.
Ýokary derejeli maslahatyň barşynda möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Çärede türkmen wekiliýeti möhüm infrastrukturany goramak we ony üpjün etmek üçin amaly çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň goldaýandygyny belledi. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) ýolbaşçysy W.Woronkow çykyşynda Türkmenistanyň hökümetine UNOCT bilen ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de onuň işine doly goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary 11-12-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek UNOCT-niň çäresine çagyrdy.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......