Mirasdüşer şazada Kuweýtiň täze emiri boldy

  • 17.12.2023 12:00
  • 15k+

Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah şenbe güni aradan çykan şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň ýerine täze emir diýlip yglan edildi. Degişli beýanat Kuweýtiň telewideniýesinde hökümetiň başlygynyň orunbasary, kabinet boýunça döwlet ministri Issa al-Kandari tarapyndan yglan edildi.

Kuweýtiň konstitusiýasyna laýyklykda, emir ýogalandan soň tagt awtomatiki ýagdaýda mirasdüşer şazada geçýär, ýöne ol diňe Milli Mejlisde (bir palataly) kasam kabul edeninden soň häkimiýet başyna geçip biler. Täze emiriň mirasdüşer bellemek üçin bir ýyl möhleti bar.
Şeýh Nawaf 86 ýaşynda aradan çykdy. 29-njy noýabrda Emiriň Döwlet sekretary Muhammet Abdalla al-Mubarak as-Sabah monarhyň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi. Ministriň beýanyna görä, Şeýh Nawafyň ýagdaýy kadalydy we oňa zerur lukmançylyk kömegi berilýärdi.


25.02.2026 14:24
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

17.02.2026 19:13
1.1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...

02.12.2025 11:44
2.1k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

24.10.2025 22:08
1.9k+

Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...