Kuweýtiň emiri hökümetiň işinden aýrylmagyny kabul etdi

  • 03.10.2022 14:44
  • 12k+

Kuweýtiň emiri Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabah ýurduň premýer-ministri Ahmed Nawaf al-Ahmed as-Sabahyň we onuň hökümetiniň işinden aýrylmagyny kabul etdi. Bu barada KUNA habarlar agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Emiriň permanyna görä, Kuweýtiň premýer-ministri we hökümeti täze Ministrler Kabineti düzülýänçä, öz borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirer.
Mundan öň işinden aýrylmagy Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy Maşaal al-Ahmed as-Sabah makullady. Ol munuň bilen bagly hökümet baştutany bilen duşuşyk geçirdi. Işden aýrylmak baradaky arza Ministrler Kabineti tarapyndan şenbe güni berildi.
29-njy sentýabrda Kuweýtde Milli mejlise (parlament) saýlawlar üçin ses berişlik geçirildi. Saýlanan 50 deputat geljek dört ýyl üçin kanun çykaryjy edarada wezipeleri eýelär.
Kuweýtde 21 ýaşyna ýeten raýatlaryň saýlaw hukugy bardyr. Ses bermäge 800 müň töweregi adam gatnaşyp biler. Milli mejlis ählumumy göni ses bermegiň netijesinde saýlanýan 50 deputatdan ybarat bir palataly parlamentdir. Soňky saýlawlar 2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda geçirildi.


25.02.2026 14:24
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

17.02.2026 19:13
1.1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...

02.12.2025 11:44
2.1k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

24.10.2025 22:08
1.9k+

Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...