Kuweýtiň emiri täze hökümeti düzmek barada perman çykardy

  • 19.10.2022 07:41
  • 8.8k+

Kuweýtiň emiri Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabah täze hökümeti düzmek barada perman çykardy. Bu barada döwlet Kuweýt habarlar agentligi habar berýär.

Permanyň mazmunyna  laýyklykda, şeýh Salem Abdalla al-Jaber as-Sabah Daşary işler ministrliginiň baştutany bellendi, Bader Hamad Ýusef al-Mulla bolsa nebit ministriniň wezipesini eýeledi. Bu iki dalaşgärlik owal premýer-ministr Ahmed nawaf al-Ahmed as-Sabah tarapyndan teklip edilen hökümet taslamasynda tassyklanmandy. Perman gol çekilen gününden başlap güýje girýär.
Premýeriň teklip edişi ýaly, Goranmak ministriniň wezipesine şeýh Abdalla as-Salem as-Sabah, Söwda we senagat, sosial işler we sosial ösüş ministriniň wezipesine Mazen al-Nahed bellendi. 
Täze kabinetde birinji wise-premýer we içeri işler ministri Talýal Haled al-Ahmed as-Sabah, habarlar we medeniýet ministri, ýaşlar bilen işlemek boýunça döwlet ministri Abdel Rahman Badah al-Mutairi, maliýe ministri we  ykdysady işler hem-de inwestisiýalar boýunça döwlet ministri Abdel Wahab Muhammed ar-Ruşaid öz wezipelerini saklap galdylar.


25.02.2026 14:24
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

17.02.2026 19:13
1.1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...

02.12.2025 11:44
2.1k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

24.10.2025 22:08
1.9k+

Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...