Arheologlar Kuweýtde “Garri Potter” filmindäki başgaby ýatladýan täsin heýkeljigi tapdylar

  • 23.12.2024 16:12
  • 13k+

Kuweýtde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar ýaşy 7000 ýyldan gowrak bolan heýkeljigi tapdylar. Ony başga planetalylar bilen deňeşdirýärler, käbir ylmy gözlegçiler bolsa onuň “Garri Potter” filmindäki başgap bilen meňzeşligini öňe sürýär diýip, Daily Mail habar berýär.

Bu Pars aýlagy sebitinde ilkinji şeýle açyşdyr. Heýkel “gyýçak gözli, tekiz burunly we süýri kelleçanakly kiçi, elde ýasalan kelläni” şekillendirýär.
Arheologiki ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Agneşka Şimçak tapyndynyň alymlar üçin bütinleý garaşylmadykdygyny belledi. Onuň gelip çykyşy gadymy ilatyň däp-dessurlary bilen baglanyşykly bolsa gerek.

“Bu heýkeljigiň biziň obýektimizde bolmagy onuň maksady we simwolik, megerem, däp-dessurlyk ähmiýeti baradaky gyzykly soraglary döredýär” – diýip, professor Petr Beliskiý belledi.

Bu açyş sebitde b.e.öňki 5500-4900-nji ýyllarda küýzegärçilik önümçiliginiň bolandygyny tassyklaýar. Şeýle-de, arheologlar bu ýerde keramiki gaplary we bişmedik küýzäni tapdylar.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....