Arheologlar Kuweýtde gadymy zergärçilik ussahanasyny tapdylar. Onuň azyndan 7000 ýyllyk ýaşy bar

  • 06.12.2024 15:19
  • 3.4k+

Kuweýtde iň gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy. Onuň 7000 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär.

Kuweýtli we polşaly alymlaryň bilelikdäki arheologiki missiýasy Kuweýtiň demirgazygyndaky Bahra-1 diýilýän ýerde açyş etdi. Barlaglar şaý-sep ussahanasynyň miladydan öňki 5500-4000-nji ýyllar aralygynda sebitde bar bolan Ubaýd medeniýetine degişlidigini görkezdi.
Bahra-1 Arap ýarym adasyndaky Ubaid döwrüniň iň uly ilatly nokadydyr. Bu ýer 2009-njy ýyldan bäri güýçli barlaglaryň alnyp barylýan ýeridir. Täze tapyndy keramika öndürmekde we şaý-sep ýasamakda möhüm merkez hökmünde onuň ornuny has hem pugtalandyrdy. Ussahanada elýuwaryň nowajygynyň bezegleri, keramikanyň bölekleri we däp-dessurlarda ulanylan, çig toýundan ýasalan gap-gaçlar saklanyp galypdyr.
Esasanam, arheologlaryň ünsüni, takmynan, 7700 ýyl töweregi ýaşy bolan, kelläniň palçykdan ýasalan kiçijik guýma şekili özüne çekdi. Ubaid medeniýetine mahsus bolan gönüburç şekilli, çaşy  gözli we ýasy burunly heýkeljik bu sebitden tapylan ilkinji sungat eseri boldy.
Geçirilen derňew Bahru 1-iň Pars aýlagynda keramikanyň iň gadymy önümçilik mekany hasap edilip bilinjekdigini tassyklady.


19.06.2026 19:49
4.2k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......