Kuweýt ýurda giriş üçin gadaganlygy ýatyrdy

  • 01.05.2022 18:48
  • 6.4k+

Kuweýtiň Ministrler kabineti COVID-19-a garşy sanjym almadyklar üçin ýurda giriş gadaganlygyny aýyrdy hem-de PZR-barlagyndan geçmek talabyny ýatyrdy. Bu barada Kuweýtiň habarlar agentligi habar berdi diýip, TASS-a salgylanyp, Day.Az belleýär.

Şeýle-de, Kuweýtiň häkimiýetleri COVID-19 alamaty bolanlardan başgalar üçin ýapyk ýerlerde we açyk howada örtük dakynmagy hökmany däl etdi. 
Mundan başga-da, Ministrler kabineti COVID-19 keseli bolan näsaglar bilen aragatnaşyk edenler üçin karantin çäklendirmelerini ýatyrdy, ýöne olar örtük dakynyp, gatnaşykdan soň 14 günüň dowamynda PZR-barlagyny tabşyrmalydyr.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......