Syýahatçy Kornuollda “ýekeşahyň” kelleçanagyny tapdy

  • 17.07.2025 14:37
  • 11k+

Angliýanyň günorta-günbatarynda, Kornuoll graflygyndaky Tintagel galasynyň harabalygyndan uzak bolmadyk ýerde kanadaly bir syýahatçy maňlaý böleginden bir uly şah çykyp duran kellaçanagy tapdy diýip, Daily Mail habar berýär.

Tintagel galasy britan medeniýetinde belli patyşa Arturyň doglan we ýaşlygynyň geçen ýeri hasaplanýar. Arturyň bolandygy barada ygtybarly taryhy maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, onuň obrazy halk döredijiliginde britleriň goragçysy hökmünde orun aldy. Rowaýatlar patyşany XIV asyryň sowutdan harby esbaply rysary hökmünde suratlandyrýar, bu hem onuň çak edilýän ýaşan döwrüne – V asyryň ahyry bilen VI asyryň başyna gabat gelmeýär.
Artur bilen bagly mifleriň biri galanyň töweregini biynjalyk edip, ötegçilere topulan ýekeşah barada gürrüň berýär. Ahyrynda ýaş patyşa ony öldürmeli bolýar, ýöne ýekeşah ölmezinden öň Arturyň bu etmişi bilen tutuş patyşalygy nälete sezewar etjekdigini aýdýar.
Syýahatçynyň özi tapyndynyň hakykylygyna şübhelenýär we kelleçanagyň kimdir biriniň bilgeşleýin hereketidigini çaklaýar. Onuň bilen Kembrij uniwersitetiniň paleontology Dewid Norman hem ylalaşýar – alymyň pikiriçe, bu poniniň kelleçanagy bolup, oňa sygryň şahy dakylypdyr.
Kelleçanagy ýerli Jadygöýlik muzeýine bermek synanyşygy muzeýiň işgärlerini gyzyklandyrmady. Syýahatçy tapyndyny Solsberiniň golaýyndaky “Stounhenj” myhmanhanasynda goýup gaýtdy. Indi ol bu ýerde interýer bezegi bolup hyzmat edýär.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......