Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty

  • 15.07.2025 20:03
  • 16k+

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär ýaşlaryň resmi iş kagyzlary her orta hünär okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinde (öz binalarynda) kabul edilýär.

Resminamalary kabul edýän ýerleriň iş wagty: 14.07.2025 ý. – 18.08.2025 ý. aralygynda: (şol sanda dynç alyş günleri hem işleýär) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
Has takygу: mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025ý. – 27.07.2025ý. aralygynda; - galan orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025 – 18.08.2025 ý. aralygynda.
Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
BELLIK
1. Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary ýokary okuw mekdepleriniň özünde (ýerleşýän ýerinde) kabul edilýär.
2. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Akademiýanyň özünde (Arkadag şäherinde) kabul edilýär.
3. Türkmen döwlet medeniyet institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna hem-de Maya Kulyyewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna ähli welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň öz binalarynda (Aşgabat şäherinde) kabul edilýär.
4. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda kabul edilýär.
5. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kabul edilýär.
6. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiyalar uniwersitetinde kabul edilýär.
7. Ahal welaýaty boýunça resmi iş kagyzlary:

  • sanawdaky 1-9 aralygyndaky ÝOM-lara Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Hazar köçesiniň 72-nji jaý), tel.: (800137) 45496;
  • sanawdaky 10-19 aralygyndaky ÝOM-lara Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Keýmir kör köçesiniň 1-nji jaýy), tel.: (800137) 36214.

Iş wagty: 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......