Bangkokda kagyz fonarlaryň şekilinde myhmanhanalar gurlar

  • 21.07.2025 23:44
  • 10k+

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik býurosy Bangkogyň (Tailand) merkezinde guruljak täze Hatai myhmanhana toplumynyň taslamasyny hödürledi. Bina kagyz fonarlaryň stilinde iki aýlaw şekilli köp gatly diňden ybarat bolar. Toplumda iki myhmanhana – Six Senses we Narai Hotel ýerleşdiriler.

Taslama Silom sebitinde 10 500 inedördül metrden gowrak ýeri eýeleýär. 300 myhmanhana otagyndan başga-da, topluma bal zaly, sagaldyş merkezi, konferensiýa zallary we beýleki infrastruktura obýektleri girer. Diňler günüň garaňky wagtynda ýagty saçýan görnüşde taslanar.
Binalaryň aşagynda ýerüsti pyýada ýodalary bilen 5200 inedördül metr meýdanly jemgyýetçilik giňişligi dörediler. Ol ýerde açyk bazar, çagalar bagy, çäreler üçin ýer we ýaşyl zolak bolar.


Heatherwick Studio binagärlik býurosynyň esaslandyryjysy Tomas Hizerwikiň belleýşi ýaly, olar biri-biriniň üstünden gurnalan we bilelikde gözýetimde has ýumşak görnüşi döredýän birnäçe fonarlary oýlap tapdy. Olar adamlaryň arkaýyn gezelenç edip, dynç alyp we jemleşip bilmegi üçin ýagyşdan goragly, baglykly we howdanly ýeri döretmek isleýär. 
Heatherwick Studio bu Hatai toplumynyň 2028-nji ýylda açyljakdygyny habar berdi. Bu studiýanyň Aziýada üçünji taslamasy bolar. 2023-nji ýylda býuro Tokioda ýaşyl baýyrlara meňzeş Azabudai Hills sebitiniň gurluşygyny tamamlady, ýakynda bolsa Hytaýyň Sian şäherinde agaç görnüşinde dik seýilgähi hödürledi. 


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......