20 paluba, 40 restoran we 10 müň adam: dünýäde iň uly gämi ilkinji gezelenjine taýýarlanýar

  • 19.07.2025 14:28
  • 16k+

Star of the Seas (Deňizleriň ýyldyzy) kruiz gämisi Royal Caribbean kompaniýasynyň flotuna resmi taýdan goşuldy we deňze çykýan dünýäde iň uly gämi bolar. Ýolagçyly ilkinji gezelenç 31-nji awgustda Floridadaky Kanaweral portundan başlar diýip, Stuff neşiri habar berýär.

Star of the Seas iki ýylda guruldy we iň uly umman gämileriniň Icon synpyna degişlidir. Onuň uzynlygy 365 metre, ini 66 metre barabar bolup, beýikligi 20 gatly bina bilen deňleşýär. dnv.com portalynyň maglumatlaryna görä, gämi 2024-nji ýylda suwa goýberilen özünden öňki belli Icon of the Seas gämisinden 0,07 metr uzyn.
Gämi özünde 7600 ýolagçyny we 2350 ekipaž agzasyny ýerleşdirer. Bortda olara şular garaşýar:

  • ·20 paluba (18 ýolagçy);
  • ·8 tematiki dynç alyş zolagy;
  • ·40-dan gowrak restoran we bar;
  • ·14 metrlik adatydan başlap, 140 inedördül meýdany eýeleýän kaşaň otaglara çenli dürli görnüşli 2805 otag;
  • ·30 500 janly ösümlik;
  • ·sanly şüweleňler bilen buz arenasy;
  • ·alty suw depejigi bolan akwateatr – deňiz gämileriniň arasynda iň ulusy;
  • ·7 basseýn (deňizde iň ulusy bilen);
  • ·gezelenç zolaklary;
  • ·maşgalalaryň we ulularyň dynç almagy üçin aýratyn zolaklar.

“Star innowasiýalaryň, hyýallaryň we diňe täsirleri döretmek maksadymyzyň birleşen ýagdaýynda mümkin bolan zadyň nyşanydyr. Bularyň ählisi millionlarça maşgala we dynç alýan adamlara ýatdan çykmajak ýatlamalary bermäge kömek edýär” – diýip, Royal Caribbean-yň prezidenti we baş direktory Jeýson Liberti belledi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......