“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi

  • 16.07.2025 07:06
  • 15k+

14-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň başlygynyň orunbasary Li Ha Ýon, Ýer serişdeleri, infrastruktura we ulag ministrliginiň awiasiýa syýasaty boýunça baş direktory Kim Ýon Kuk, Inçon howa menziliniň korporasiýasynyň işewürliginiň ösüşi boýunça direktory Li San Ýon, «Pacific Air Agency» müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Pak Jon Pil ýaly Koreýa Respublikasynyň ýokary derejeli resmi adamlary, koreý kompaniýalarynyň we KHBS-iň wekilleri, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygynyň orunbasary N.Kakabaýew, Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ilçi B.Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.
Çykyşlardan soň gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdiler, ýolagçy gatnawyny resmi taýdan ýola goýdular we ýadygärlik surata düşdiler.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....