Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

  • 14.07.2025 13:34
  • 15k+

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki zaman talaplaryna we bu künjegiň tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini belledi. Şeýle hem lybaslaryň bezeg serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde lukmanlar, teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler üçin niýetlenen lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär. Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň daşyna çykyp, halkara maslahatyň geçiriljek günlerinde ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.7k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......