Kuweýtiň täze Emiri Mejlisde kasam kabul edip, wezipesine girişdi

  • 20.12.2023 15:39
  • 5.5k+

Kuweýtiň Emiri şeýh Maşaal al-Ahmed al-Jaber as-Sabah ýurduň bir palataly mejlisiniň öňünde kasam kabul etdi. Bu dabaraly dessur Kuweýtiň döwlet telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berildi.

Şeýh Maşaal 16-njy dekabrda aradan çykan şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň ýerine geçdi. Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýyklykda, emir ýogalandan soň tagt awtomatiki ýagdaýda mirasdüşer şazada geçýär, ýöne ol diňe parlamentde kasam kabul edeninden soň häkimiýet başyna geçip biler.
Kuweýtiň merhum Emiri 2006-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk eden öweý dogany Sabah al-Ahmed al-Jaber as-Sabah ýogalandan soň, 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda tagta çykypdy. 2006-njy ýylyň fewral aýynda şeýh Nawaf şeýh Sabahyň permany bilen mirasdüşer şazada bellendi. Şeýlelik bilen, ol as-Sabahlar maşgalasynyň iki şahasynyň - al-Jaberleriň we as-Salemleriň wekilleriniň gezekli-gezegine emir bolmak däp-dessuryny bozdy.


25.02.2026 14:24
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

17.02.2026 19:13
1.1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...

02.12.2025 11:44
2.1k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

24.10.2025 22:08
1.9k+

Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...