Reuters: Kuweýt Aziýa ýurtlary üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy

  • 12.04.2022 22:19
  • 7.2k+

Kuweýt Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin niýetlenen nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny rekord derejä çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Kuwait Export Crude görnüşi üçin baha aprel aýy bilen deňeşdirilende barreline $4,5 ýokarlanar, netijede onuň bahasy Omanyň we Dubaýyň nebit sebedinden $9,3 ýokary bolar. Kuwait Super Light Crude görnüşiniň bahasy aprel aýy bilen deňeşdirilende $3,7 ýokarlanar, bu hem Omanyň we Dubaýyň sebedinden $9,65 ýokarydyr.

4-nji aprelde Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco ähli sebitlerdäki müşderiler üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy. Maý aýynda Aziýa iberiljek Arab Light görnüşi üçin baha aprel aýyndaky bahalar bilen deňeşdirilende, takmynan, $4,4 ýokarlanar. Amerikan bazarynda Arab Light görnüşiniň bahasynyň ýokarlanmagy bir barrel üçin rekordly $5,65 boldy. Öndüriji Aziýa üçin nebitiň beýleki görnüşleriniň hem bahasyny azyndan barreline $2,7, ABŞ üçin barreline $2,2 ýokarlandyrdy. 


düýn 11:54
3.7k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......