Türkmenistan "MA – AADHG" strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşdy

  • 17.04.2025 19:01
  • 5.4k+

15-16-njy aprelde daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýt döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda wekiliýet El-Kuweýt şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi (AADHG) strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza bolan alty ýurduň – Saud Arabystany Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk maslahatlaryň we teklipleriň işlenip düzülmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda strategiki dialoga gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Kuweýt Döwletiniň mirasdüşer şazadasy, Şeýh Sabah Al-Haled Al-Hamad Al-Mubarak Al-Sabah bilen duşuşygy boldy.
MA – AADHG strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygynyň çäklerinde A.Gurbanowyň Bahreýn Patyşalygynyň we Oman Soltanlygynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şeýle-de halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň (Aşgabat ylalaşygy) durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere garaldy.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......