Kuweýtiň garaşsyz gaznasy bolan Kuwait Investment Authority (KIA) Germaniýanyň awtoulag öndürijisi Mersedes-Benz Group AG-daky paýnamalarynyň dörtden bir bölegini satmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Gazna 20 million töweregi paýnamany maksatlaýyn bahasy 69,27 ýewro, ýagny jemi 1,385 milliard ýewro satmagy meýilleşdirýär.
Satuwdan soň KIA nemes kompaniýasynyň takmynan 53 millionlyk paýnamalarynyň eýesi bolup galar. Bloomberg-iň berýän maglumatyna görä, bu gazna häzirki wagtda 6,8 göterim paýy bilen Mercedes-iň üçünji uly paýdarydyr. Gazna 50 ýyl töweregi wagt bäri Mercedes-iň paýnamalarynyň eýesi bolup gelýändigini aýtdy.
Sişenbe günki söwdanyň esasynda Mercedes-iň paýnamalary 0,6% ýokarlanyp, her paý üçin 71,89 ýewro boldy.