Apple yzygider on ikinji ýyl iň gymmat brend bolmagynda galýar

  • 13.10.2024 16:01
  • 3.7k+

Apple brendi eýýäm on iki ýyl bäri dünýäde iň gymmat brend bolmagynda galýar. Bu barada her ýyl Interbrand Corp. tarapyndan düzülýän Best Global Brands reýtinginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Apple brendiniň bahasy bir ýylda 3% peselip, 488,9 mlrd dollar boldy.
Ikinji orunda 11% (352,5 mlrd dollara çenli) gymmatlan Microsoft brendi ýerleşýär. Üçünji orny bolsa 8% (298,1 mlrd dollara çenli) gymmatlan Amazon eýelemegini dowam edýär. Dördünji orunda bahasy 12% (291,3 mlrd dollara çenli) gymmatlan Google, bäşinji orunda Samsung (10% ösüş, 100,8 mlrd dollara çenli) bar.
Bu brendleriň yzyny Toyota (13% ösüş, 72,8 mlrd dollara çenli), Coca-Cola (5% ösüş, 61,2 mlrd dollara çenli), Mercedes-Benz (4% peselme, 58,9 mlrd dollara çenli), McDonald’s (4% ösüş, 53 mlrd dollara çenli) we BMW (2% ösüş, 52 mlrd dollara çenli) dowam etdirýär.
Soňky bir ýylda bahada iň uly ösüşi Ferrari (+21%, 13,1 mlrd dollara çenli) we YouTube (+16%, 30,1 mlrd dollara çenli) brendleri görkezdi, olar reýtingde 62-nji we 24-nji orunlary eýelediler. Şol bir wagtyň özünde, Tesla (9%), Intel (30%), Disney (11%) brendleriniň bahasy has güýçli pese gaçdy.
Reýtinge şu ýyl dört sany gatnaşyjy goşuldy – Nvidia, Pandora, Range Rover we Jordan. Şeýle-de, Uber we LG brendleri ýene sanawa girdi. Nokia, Kodak we MTV ýaly brendler bolsa sanawy terk etdi.
TOP-100 brendiň umumylykda bahasy 3,4 trln dollar diýlip hasaplanylýar. 2001-nji ýylda reýting ilkinji gezek hödürlenende, TOP-100-däki brendleriň umumy bahasy 988 mlrd dollardy. Ýagny, häzire çenli görkeziji 3,4 esse ýokarlandy.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

25.05.2026 07:34
3.3k+

Lego ilkinji BMW M3 E30-y konstruktor görnüşinde çykarar

Lego kompaniýasy birinji nesil BMW M3 E30 kupesine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasyndan täze toplumy taýýarlaýar. Konstruktoryň satuwy 1-nji awgustda başlanar....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......