Mercedes-Benz I çärýekde elektromobil satuwyny tas iki esse ýokarlandyrdy

  • 13.04.2023 16:07
  • 20k+

Germaniýanyň Mercedes-Benz Group AG awtoöndürijisi ýanwar-mart aýlarynda 51,6 müň elektromobil satdy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 89% köpdür. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Birinji çärýekde umumy satuw, esasan, Ýewropa ýurtlaryndaky işjeň ösüş sebäpli 3% ýokarlanyp, 503,5 müň birlige ýetdi. Germaniýada satuw 21%, Italiýada 22%, Ispaniýada 28% ýokarlandy. Umuman, Ýewropada ösüş 8%, Aziýada 3%, Demirgazyk Amerikada 1% boldy.
Şeýlelikde, kompaniýanyň umumy awtoulag satuwynyň 10%-i elektromobilleriň paýyna düşýär. Geçen ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 6%-e deňdi.
Mercedes-Benz-iň paýnamalary çarşenbe güni söwdada 1,1% ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 13,4%, 72,56 mlrd ýewro çenli ýokarlandy.


22.10.2025 17:53
14k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer...

22.08.2025 08:15
2.4k+

Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy...

06.04.2025 13:05
6.9k+

Counterpoint: “Mask Tesla-nyň derwezesine awtogol geçirdi. BYD-yň üstünligi bilen onuň satuwy peselýär”

BYD yzygider ikinji çärýek elektromobil satuwy boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaý öndürijisi ozal üýtgewsiz agdyklyk eden amerikan bäsdeşi Tesla-ny gysyp çykarmagyny dowam etdirýär. Counterpoint Research...

18.02.2025 17:14
4.6k+

Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär

Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp...