Tesla-nyň paýdarlary Maska trillion dollar tölemäge razy boldy

  • 08.11.2025 00:55
  • 6.2k+

Tesla-nyň paýdarlary kompaniýanyň egindeş esaslandyryjysy we baş direktory bolan Ilon Maska 1 trln dollar tölemegi makullady. Ses bermegiň netijeleri Tehasdaky ýyllyk gurultaýda yglan edildi diýip, The Guardian habar berýär.

Paýdarlaryň 75%-den gowragy tölegiň berilmegini goldady. Ýöne Mask bu sylagy almak üçin öňde goýlan maksatlaryň ählisini ýerine ýetirmeli bolar: mysal üçin, 10 ýylda Tesla-nyň robotaksi önümçiligi boýunça işini ösdürmeli we kompaniýanyň bazar bahasyny 1 trln dollarlygyndan azyndan 8,5 trln dollara ýetirmeli.
Şol bir wagtyň özünde, Mask Tesla-nyň ýolbaşçysy wezipesindäki işi üçin zähmet hakyny we bonus almaz. Munuň deregine işewür her bir kesgitlenen maksat üçin kompaniýanyň paýnamalarynyň 1%-ini alar. Ähli maksatlara ýetilen ýagdaýynda Tesla-nyň paýnamalarynyň 12%-i Maskyň elinde bolar. Bu paýnama bukjasynyň bahasy 1 trln dollar diýlip hasaplanýar.
Tesla-nyň müdirler geňeşi höweslendiriş çäreleriniň maýadarlaryň garaşmalaryna laýyk gelýändigini belledi. Maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilen ýagdaýynda Mask, takmynan, 2 trln dollar baýlygy bilen dünýäde ilkinji trillioner bolup biler.

“Biziň etjek bolýan zadymyz – bu Tesla-nyň geljeginde diňe bir täze sahypa däl-de, düýbünden täze kitap” – diýip, Mask Ostindäki ýygnakda paýdarlara aýtdy.

Ilon Mask dünýäde iň baý telekeçi hasaplanýar. Oktýabryň başynda ol, Forbes-iň hasaby boýunça, baýlygy 500 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. 


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......