Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

  • 22.08.2025 08:15
  • 2.5k+

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, girdeji 30% artdy. Arassa girdeji bolsa 11,8 mlrd ýuan ($1,64 mlrd) bolup, geçen ýyla garanyňda 134% ýokarlandy.
Maliýe görkezijileriniň gowulaşmagyna diňe smartfonlaryň däl, eýsem, elektromobilleriň hem satuwy täsir etdi. Geçen ýylyň ikinji çärýeginde elektromobiller umumy girdejiniň diňe 7%-ini, smartfonlar bolsa 93%-ini düzse, häzirki wagtda elektromobilleriň paýy 18%-e ýetip, smartfonlaryň paýy 82%-e çenli azaldy.


14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...