Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

  • 07.03.2026 18:05
  • 3.3k+

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar.

Kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun emeli aň pudagy tarapyndan uly islegiň bolmagy sebäpli, ýat mikroshemalarynyň bahasynyň ýokarlanýandygyny düşündirdi. Bu bolsa komponentleriň ýetmezçiligine hem-de smartfonlaryň we kompaniýanyň beýleki önümleriniň önümçilik çykdajylarynyň artmagyna getirdi.

Onuň aýtmagyna görä, Xiaomi bahalaryň ýokarlanmagyny doly derejede ulanyjylaryň gerdenine ýüklemek islemeýär. Kompaniýa bahalardaky bolup biljek üýtgeşmeleriň alyjylar üçin uly tapawutly bolmaz ýaly dürli çäreleri ulanmagy göz öňünde tutýar.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu ýagdaý tutuş bazara täsir edýär. Käbir öndürijiler eýýäm girdejilerini azaltdy we täze enjamlary çykarmak meýilnamalaryna täzeden seretdi. Şeýle hem wagtyň geçmegi bilen başlangyç derejeli smartfonlaryň bazardan doly ýitip gitmegi hem ret edilmeýär.

Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbin kompaniýanyň iri ýat öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy we önümçilik gerimi netijesinde has durnukly ýagdaýdadygyny mälim etdi.

Ol şeýle hem bahalaryň ýokarlanma döwrüniň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edip biljekdigini belledi. Şeýle şertlerde smartfon öndürijileri has gymmat bahaly modelleri çykarmaga has köp üns berip biler.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

23.01.2026 15:56
3.8k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...