Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

  • 23.01.2026 15:56
  • 3.8k+

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy.

Analitikleriň maglumatlaryna görä, Vivo Hindistanda bazara 32 mln smartfon iberdi, ýyllyk hasabynda ösüş 19% boldy.
Öňdebaryjylaryň üçlügini Oppo jemleýär. Ol üpjünçiligini 10%, 20 mln smartfona çenli artdyrdy. Dördünji orunda bäsdeşleriň arasynda görkezijileriň iň ýokary pese gaçyşyny görkezen Xiaomi ýerleşdi: brendiň üpjünçiligi 26%, bir ýyl ozalky 26,6 mln bilen deňeşdirilende 19,7 mln smartfona çenli azaldy. Bäşligi 28% ösüş görkezen Apple kompaniýasy jemleýär.
Bilermenler Samsung-yň ornunyň gowşamagyny arzan we orta bahaly modellere islegiň pes bolmagy bilen baglanyşdyrýar. Bu kategoriýalarda kompaniýa alyjylara başlangyç baha segmentinde has döwrebap çözgütleri hödürlän Oppo we Vivo tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz boldy.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......