Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirine gynanç bildirdi

  • 17.12.2023 00:09
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi we merhumyň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýh Nawaf 16-njy dekabrda 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Kuweýtiň döwlet telewideniýesi habar berdi. Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýylykda, emir aradan çykandan soň, tagt awtomatik ýagdaýda mirasdüşer şazada geçýär. Mirasdüşer şazada — 83 ýaşly Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah. Täze tagta geçen emir bir ýylyň içinde özüne mirasdüşer bellemeli.


02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...

25.07.2025 11:00
25k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

13.06.2025 12:12
21k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

07.06.2025 12:21
15k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...