Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 24.04.2025 09:38
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi.

Jammu bilen Kaşmir sebitleriniň çäklerinde bolup geçen terrorçylykly hereket netijesinde azyndan 28 adam aradan çykdy, 30-a golaý adam şikes aldy.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.


17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.6k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...