Türkmenistan bilen Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi

  • 24.02.2026 07:44
  • 9.2k+

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Parlamentiň binasynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Parlament diplomatiýasynyň döwletara gatnaşyklary berkitmekdäki orny aýratyn nygtalyp, dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklarynyň we tejribe alyşmalaryň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, hususan-da, iki ýurduň ýaş we zenan parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesiniň dowam etdirilmegine taýýarlyk tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Parlamentinde Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin esas bolar. Taraplar gol çekilen ylalaşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......