Türkmenistan we Ýewropanyň maýa goýum banky Çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşikleri jemleýär

  • 24.02.2026 19:26
  • 3.5k+

23-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Wekiliýet Türkmenistan bilen bankyň arasyndaky Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmek üçin ýurda geldi.
Türkmen tarapynyň halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da maliýe we karz edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunlukda, wekiliýetiň şu gezekki iki günlük saparynyň dowamynda agzalan ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi.

Duşuşykda ulag ulgamy, sanlylaşdyrmak, energetika, suw hojalygy we oba hojalygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy. Hususan-da, Hazarüsti ulag geçelgesine, sanly özgertmelere, «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegine, suwaryş desgalaryna we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Aşgabatda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň wekili W. Nikitin bilen duşuşygy boldy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Gatnaşyjylar özara bähbitli teklipleri beýan etdi we olary öwrenmegiň ýakyn geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
«BASF» kompaniýasy Türkmenistanda sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, kompaniýanyň gaz arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumy üçin saýlanyp alyndy. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, kompaniýa tehniki goldawy we maslahat beriş hyzmatlaryny hem ýerine ýetirip biler.


düýn 22:20
5.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....