Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

  • 28.02.2026 12:54
  • 13k+

Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi diýip, TDH ýazýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere bu hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda we ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp edep-terbiýe bermekde enelerimiziň ornunyň örän uludygyny aýratyn belledi.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......