Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň golf klublaryna sapary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

  • 24.02.2026 18:13
  • 8.1k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatyndaky «Panther» milli golf klubuna we «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezine baryp gördi.
«Panther» klubunyň wekilleri ýokary derejeli myhmany golf meýdançalarynyň gurluşygynyň aýratynlyklary we olaryň häsiýetnamalary bilen tanyşdyryp, ABŞ-da sportuň bu görnüşi bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin giň şertleriň döredilendigini belledi.


Milli Lider meýdançalaryň ýagdaýy bilen tanşyp, Türkmenistanyň amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ýurtda şeýle desgalaryň sanyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ol şeýle hem türkmen ýaşlarynyň arasynda, şol sanda Aşgabatda hereket edýän meýdançada golfa bolan gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.
Klubuň wekilleri, öz gezeginde, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alşylmagyna we bilelikdäki ýaryşlaryň geçirilmegine taýýardyklaryny mälim etdi.
«Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezi ABŞ-da 1992-nji ýyldan bäri hereket edýär. Myhmanyň gelmegi mynasybetli ol ýerde Türkmenistanyň dokma senagatynyň «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlarynyň, şol sanda nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň sergisi guraldy. Ekologik derejesi bilen ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelýän dokma önümleri dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplydygy we isleg bildirilýändigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa dünýä brendli önümleri öndüriji hökmünde ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmäge ýardam edýär.


Merkezde türgenleşik işleriniň sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly amala aşyrylýandygy, golf meýdançalarynyň bolsa saglygy berkitmegiň we sportuň, ozaly bilen bolsa ýaşlaryň arasynda ösdürilmeginiň möhüm şerti hökmünde garalýandygy bellenildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......