Türkmenistanyň we Zimbabweniň DIM-leri Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 24.02.2026 16:44
  • 1.2k+

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurda gelen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-zimbabwe gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini bellemek bilen, syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri netijeli utgaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi.
Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw bermek, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ýola goýmak barada pikir alyşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýewiň we Albert Ranganaý Çimbindiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda ýokary derejedäki aragatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Taraplar energetika, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewürlik forumlaryny guramaga, sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmaga we bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.
Geçirilen netijeli gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......