Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

  • 27.02.2026 16:57
  • 1.7k+

Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda britan alymynyň Türkmenistanyň özboluşly arheologik mirasyny, ilkinji nobatda bolsa, gadymy Merwiň ýadygärliklerini öwrenmekde we aýap saklamakda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işleri aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň esasy netijesi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-iň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegi boldy. Bu resminama hyzmatdaşlygyň täze tapgyry üçin binýat bolup hyzmat eder. Onuň çäginde bilelikdäki arheologik ekspedisiýalary guramak, ylmy barlaglary we muzeý-sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ylalaşyk ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda işjeň gatnaşyklary göz öňünde tutýar.


08.06.2026 17:48
6.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.2k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....