Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 25.02.2026 15:46
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.


Saparyň barşynda Mejlisiň Başlygy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşyp, oňa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen has-da pugtalandyrylýandygy bellenildi. Taraplar energetika, ulag-logistika we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly strategik pudaklarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ykdysady ösüşlere oňyn täsir edýändigini nygtap, türkmen-gruzin dostlukly gatnaşyklarynyň täze belentliklere ýetjekdigine ynam bildirdi.


Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşygy boldy. Mejlisiň Başlygy Premýer-ministre Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçy düzüminiň hoşniýetli sözlerini ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Taraplar parlamentarileriň özara saparlarynyň, şol sanda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň we türkmen wekiliýetiniň şu gezekki resmi saparynyň parlamentara gatnaşyklary durnukly ösdürmekdäki ornuny aýratyn belledi. Gepleşikleriň ahyrynda özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
Şeýle-de, resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda Gruziýanyň gahrymanlarynyň hormatyna gül dessesini goýmak dabarasyna gatnaşdy. 


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
759

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......