Pudagara topary 2026-njy ýyl üçin adam hukuklary babatyndaky işleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

  • 24.02.2026 15:36
  • 1.9k+

23-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlise degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Mejlisiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Gatnaşyjylar Toparyň 2025-nji ýylda bitiren işleriniň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin işiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Mejlisde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Zähmet Guramasy hem-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen gepleşikleriň giňeldilýändigi bellenildi.
Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilişine we onuň möhletiniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyna aýratyn üns berildi.
Şeýle hem adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň we gender deňligi boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak bilen, 2026–2030-njy ýyllar üçin täze meýilnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.
Mejlisiň ahyrynda Toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli hasabatlary taýýarlamagyň hilini gowulandyrmak we halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......