«Onlaýn hyzmat» arkaly TmCell, internet we beýleki hyzmatlary töläp, yzyna keşbek alyp bolýar

  • 25.02.2026 19:13
  • 77k+

Täze «Onlaýn hyzmat» goşundysy arkaly ykjam telefonlarynyň, internediň we beýleki sanly hyzmatlaryň tölegini aňsatlyk bilen amala aşyryp bolýar. Mundan başga, programma balansyňy häzirki wagt tertibinde yzarlamak mümkinçiligini açýar.

Ulanyjylar programmanyň kömegi bilen aşakdaky hyzmatlar üçin tölegi geçirip bilerler:

  • TmCell ykjam aragatnaşyk hyzmatlary;
  • AŞTU (Aşgabat şäher telefon ulgamy) hyzmatlary: internet, IPTV we telefon;
  • Türkmentelekom hyzmatlary: internet we telefon;
  • Belet Film we Älem TV;
  • Lexicon dil öwreniş platformasy.

Ähli birikdirilen hyzmatlar boýunça balanslar real wagt tertibinde görkezilýär, bu bolsa çykdajylara gözegçilik etmegi has-da aňsatlaşdyrýar.
Birnäçe belgini dolandyrmak mümkinçiligi: Programmada bir hasaba (akkaunta) iki-üç sany TmCell telefon belgisini birikdirip bolýar. Bu aýratynlyk birnäçe telefon belgisi ulanýanlar, şeýle hem çagalarynyň balansyny hemişe gözegçilikde saklamak we wagtynda doldurmak isleýän ene-atalar üçin örän amatlydyr.


Keşbek: TmCell we Lexicon hyzmatlary üçin edilen tölegleriň 1%-i keşbek görnüşinde yzyna gaýtarylýar. Toplanan serişdeleri indiki gezek şol hyzmatlar üçin töleg geçirilende ulanyp bolýar.
«Onlaýn hyzmat» goşundysy ynamly we çalt ösüş görkezýär. Onuň ulanyjylarynyň sany günsaýyn artýar. Ulanyjylar diňe bir programmany ýükläp almak bilen çäklenmän, eýsem ony işjeň ulanýarlar, tanyş-bilişlerine maslahat berýärler we durnukly islegi kemala getirýärler.
«Onlaýn hyzmat» programmasyny
App Store we Google Play dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. 


18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......