Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Florida ştatyna işewürlik, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaş hökmünde garaýar

  • 24.02.2026 19:00
  • 14k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň dowamynda «Al Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda amerikan tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, hususan-da, bu sapary Türkmenistan bilen Florida ştatynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem umumy bähbitler ugrunda iki tarapyň güýçli taraplaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmek üçin ulanmak niýetini mälim etdi.
«Bu ýerde gürrüň işewürlik hyzmatdaşlygy, maýa goýum işi, söwda ulgamynda haýsydyr bir ylalaşyklary gazanmak barada barýar.
Şeýle-de Florida ştatyndaky sport desgalarynyň gurluşygyny, umuman, sport işiniň guralyşy boýunça tejribäni öwrenmek isleýäris. Hususan-da, gürrüň golf barada.
Türkmenistanda 2017-nji ýylda meýdanlary bilen bilelikde 70 gektardan gowrak ýeri eýeleýän ilkinji golf kluby açyldy. 2022-nji ýylda geçirilen forumyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Biz Türkmenistanda golfy ösdürmek bilen çynlakaý meşgullanýarys we bu ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Bu, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem degişlidir. Florida bu ugurda ajaýyp üstünliklere eýe. Şoňa görä, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umyt edýäris.
Atçylyk hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Türkmenistan — meşhur ahalteke atlarynyň watany. Adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ilkinji medeni tohumyň taryhy bäş müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyga aýratyn üns berilýär. Florida ştatynda-da bu ugruň giňden ösendigini we meşhurdygyny bilýäris. Şunda tagallalarymyzy, tejribämizi, bilimlerimizi birleşdirmegi teklip edýäris» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......